Turkmenportal logo
Düýn 11:31
83938393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanada Alýaskada konsullyk edarasyny açmakçy
Surat: Surat: evroflag24.ru

Kanada Alýaskanyň iň uly şäheri Ankorijada konsullyk edarasyny açmakçy. Bu barada Kanadanyň daşary işler we halkara ösüş meseleleri boýunça ministri Anita Anand habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Anand bu barada Ottawa şäherinde geçen howpsuzlyk boýunça maslahatda aýtdy. Ministr şeýle-de öz ýurdunyň şu ýylyň fewralynda Grenlandiýanyň Nuuke şäherinde ilçihana açandygyny ýatlatdy.

Alýaskada Kanadanyň konsullyk edaralary ýok. Emma bu ýurduň ABŞ-da jemi 13 sany Baş konsullyklary hem-de Waşingtonda ilçihanasy bar.