Turkmenportal logo
Şu gün 10:21
44044404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekologik sammiti geçiriler
Surat: land-irg.org

2026-njy ýylyň 22—24-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagty Astanada Sebit ekologik sammiti (RES) geçer. Bu barada GR-niň Ekologiýa we tebigy gorlar ministrligine salgylanýan «open.kg» habarlar portaly habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen geçirilýän foruma sebitiň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, işewürligiň wekillerini, raýat jemgyýetiniň agzalarynyň hem-de bilermenlerini özünde jemleýän 1500 töweregi adamyň gatnaşjakdygy bellenýär. Plenar mejlisiň çäklerinde Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň Prezidentleriniň we başga-da ýokary derejeli myhmanlaryň çykyş etmegi meýilleşdirilýär.

Forumyň maksady howa we ekologik meselelere, şol sanda Aral deňziniň ekologiýasy hem-de Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi ýaly kynçylyklara garşy göreşmekde BMG bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Sammitde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ekologiýa we durnukly ösüş boýunça bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem sammitiň işiniň esasy ugurlaryna gönükdirilen ekologik başlangyçlardyr taslamalara badalga bermek göz öňünde tutulýar.