Turkmenportal logo
Şu gün 09:37
46354635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ahalteke bedewiniň şekili bilen bezelen ýörite panbarhat çykaryldy

2026-njy ýylyň şygaryna ýörite taýýarlanylan «Atly panbarhat» Türkmenistanda ýörite görnüşde öndürildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, matanyň dizaýnynda ýylyň nyşany — ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewi öz beýanyny tapdy.

Ýokary hilli panbarhat Aşgabadyň panbarhat fabriginde öndürilýär. Fabrik 2008-nji ýyldan bäri işläp gelýär we dürli görnüşli matalary hem-de taýýar önümleri — nepis örtükleri, şallary we şarflary öndürip gelýär.

Inçe şifon esasyndaky ýeňil nagyşlar we her metrinde 100% ýüpegiň kämil hiliniň utgaşmagy fabrigiň önümlerini özboluşly edýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda fabrigiň ýörite dükanlarynda gaty gyzgalaňly ýagdaý emele geldi: çünki ajaýyp panbarhatdan köýneklik almak — 8-nji mart üçin iň gowy sowgatdyr!