Turkmenportal logo
Düýn 17:01
2716427164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-eýran serhedindäki gümrük nokatlary doly kuwwatynda işleýär

Häzirki wagtda «Sarahs», «Artyk», «Howdan» we «Altyn Asyr» gümrük nokatlary geçirijilik mümkinçiligine görä, doly kuwwatynda işleýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gümrük nokatlarynyň çäklerinde ulaglaryň we ýükleriň çalt geçirilmegi hem-de nobatlaryň döremeginiň öňüni almak üçin işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa, Türkmenistandan eksport edilýän ýa-da daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň öz wagtynda alyjylary gowuşmagynda örän ähmiýetli bolup burýar.

Türkmen-eýran serhedindäki gümrük nokatlary ýükleriň üstaşyr geçirilmeginde hem ähmiýetli uly hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu gümrük nokatlaryň üsti bilen Özbegistana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we başga-da birnäçe ýurda uly möçberde harytlar daşalýar.

Mundan ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 4-nji marta çenli Eýrandan Türkmenistanyň çägine 16 döwletiň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaýyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň, Niderlandlaryň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we beýleki ýurtlaryň 200-den gowrak raýatynyň gelendigini habar beripdi.