Turkmenportal logo
Şu gün 13:29
27052705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Azerbaýjan atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar

«Türkmenatlary» döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk Federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama gol çekmek dabarasy türkmen wekiliýetiniň Bakuwa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ähtnamanyň baglaşylmagy taraplaryň atçylyk we atçylyk sporty pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de iki ýurduň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak baradaky gyzyklanmalaryna şaýatlyk edýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu ylalaşyk ynsanperwer ulgamdaky türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim boldy.