Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, iIlçi Bolgariýanyň Prezidenti Iliana Ýotowa hem-de ýurduň Premýer-ministri Andreý Gýurowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen Bolgariýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň Baş direktory Petko Doýkowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ilçi bolgar tarapyna 2026-njy ýylda Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berip, Bolgariýanyň wekillerine baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy gowşurdy.
Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň nobatdaky mejlisini guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça amala aşyrylýan özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, diplomatlar ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegiň senelerine garadylar.
Ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem bu ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek hem gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň temasy boldy diýlip, habarda bellenilýär.