Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda simpozium geçirildi. «Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy çaltlandyrmak: PRESETT simpoziumynda inklyziw usulyýetleri ornaşdyrmak» diýlip atlandyrylan bu forum iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň halkara ülňülerine laýyk gelýän täzeçil ugruna bagyşlandy.
Bu çäre Beýik Britaniýanyň dünýä belli Nottingem Trent uniwersitetiniň (Nottingham Trent University) hünärmenleri bilen türkmen pedagoglarynyň arasynda göni akademiki köpri bolup hem hyzmat etdi. Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde guralan bu forumyň açylyş dabarasy ýokary diplomatik we akademiki derejede geçdi.
Simpoziumda ähli çykyşlaryň we ara alyp maslahatlaşmalar diňe iňlis dilinde alnyp baryldy. Bu bolsa gatnaşyjylar üçin hakyky halkara ylmy-usulyýet gurşawyny döredip, olaryň hünär başarnyklaryny amalyýetde synagdan geçirmäge mümkinçilik berdi. Nottingem Trent uniwersitetiniň wekili Martin Sewior simpoziumyň esasy maksadynyň geljekki iňlis dili mugallymlaryny (PRESETT) taýýarlamagyň hünär standartlaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdygy barada umumy syn berdi.
Halkara tejribesi bilen milli başlangyçlaryň utgaşmasy simpoziumyň esasy özeni boldy. Nottingem Trent uniwersitetiniň doktory Sara Han (Dr. Sarah Khan) «Iňlis dilini okatmakda inklýuziw usulyýetler» diýen mowzukda çykyş edip, dünýäniň öňdebaryjy bilim platformalarynda ulanylýan iň täze tilsimatlar barada durup geçdi. Şol bir wagtyň özünde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň okuw meýilnamasyny kämilleşdirmek boýunça işçi toparynyň agzalary — Nottingem Trent uniwersiteti bilen bilelikde işläp taýýarlan täze okuw modullary we usulyýet gollanmalary bilen tanyşdyrdylar. Bu tanyşdyrylyşlar türkmen biliminiň halkara derejesinde ykrar edilmegine we milli «bilim modeliniň» döredilmegine goşulan goşant boldy.
Simpoziumyň ikinji ýarymy interaktiw we amaly häsiýete eýe boldy. Gatnaşyjy mugallymlar Martin Sewioryň we Sara Hanyň ýolbaşçylygynda kiçi toparlara bölünip, dürli okuw pursatlaryny seljerdiler we öz çözgütlerini uly posterlerde janlandyryp, goradylar. Günüň ahyrynda geçirilen «Sorag-jogap» (Panel Discussion) meýdançasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mugallymlar halkara bilimiň wekilleri bilen göni akademiki gatnaşyk gurmaga we akademiki soraglaryna jogap almaga mümkinçilik gazandylar.