Düýn Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda hereket edýän «Ýaş şahyrlaryň we žurnalistleriň» döredijilik toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga hormatly myhman hökmünde görnükli şahyr, ýazyjy, terjimeçi we mugallym Hemra Şirow çagyryldy. Ol ýaşlar bilen döredijilik tejribesi, žurnalistikanyň we şygyryýetiň inçe syrlary we aýratynlyklary barada pikir alyşdy.
H. Şirow döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýaş şahyrlara we žurnalistlere özüniň birnäçe ajaýyp goşgusyny okap berdi, şeýle hem öz döredijilik ýolundan gyzykly wakalary gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda käbir ýaş şahyrlar dürli temalar boýunça ýazan öz goşgularyny okadylar, olaryň her birine degişli döredijilik maslahatlary berildi. Şeýle hem döredijilige täze başlaýan ýaşlara döredijilik usullary we ony kämilleşdirmegiň ýörelgeleri boýunça peýdaly maslahatlar ýetirildi.
Çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.