Turkmenportal logo
Düýn 18:42
94239423
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DIM: 16 ýurtdan 200‑den gowrak raýat Eýranyň üsti bilen Türkmenistanyň çägine geçdi

Goňşy Eýranyň çäginden Türkmenistanyň çägine 16 ýurtdan bolan 200‑den gowrak daşary ýurt raýaty geçdi — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Girenleriň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaýyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň, Niderlandlaryň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň raýatlary bar.

Ministrlikde bellenilişine görä, Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistan ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny berk berjaý edip, türkmen‑eýran serhedinden daşary ýurt raýatlarynyň, şeýle hem awtoulag we demir ýol ulaglarynyň geçmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Türkmenistanyň döwlet serhedindäki ähli halkara barlag‑geçiriş nokatlarynyň kadaly tertipde işleýändigi hem nygtaldy.