Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 4-nji martda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Täjigistanyň Prezidentiniň resmi saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyk Türkmenistanyň wise-premýeriniň Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen Täjigistanyň paýtagtyna amala aşyran saparynyň çäklerinde guraldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda — söwda, senagat, ulag we logistika, şeýle hem oba hojalygy ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Ykdysady meselelerden başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, medeni we ylmy-bilim alyş-çalyşlary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy guraly hökmünde Hökümetara toparyň mundan beýläk-de işjeň işlemeginiň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar yzygiderli döwletara gepleşikleri dowam etdirmek hem-de halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde garaýyşlary utgaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.