Turkmenportal logo
Düýn 16:26
1450114501
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynyň häkimi bilen Özbegistanyň ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Özbegistanyň sebitleri bilen Lebap welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Dunýo» habarlar agentligi habar berdi.

Taraplar Surhandarýa we Kaşkadarýa welaýatlarynyň häkimlikleri bilen Lebap welaýatynyň häkimliginiň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda öň gol çekilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanylypdy.

Duşuşykda Üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny, şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda Buharada we Türkmenabatda bilelikdäki biznes forumlary guramaga taýýarlyk görmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, taraplar geljekde Buhara welaýaty bilen Lebap welaýatynyň arasynda «Alat — Farap» serhetýaka söwda zolagynyň döredilmeginiň özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, ykdysady ösüşe we serhetýaka sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini nygtadylar.

Lebap welaýatynyň ýerli telekeçileri bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebitara özara gatnaşyklaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň, senagat we agrotehnologik kooperasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljegi uly ugurlary maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Özbegistanyň ilçihanasy bilen yzygiderli gatnaşykda bolmaga we iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge ylalaşdylar.