Turkmenportal logo
Düýn 15:48
1327913279
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda balykçylar seýrek duşýan balyk awlap, 3800 dollar gazandy
Surat: gazeta.ru

Hindistanly balykçylar Günbatar Bengaliýa ştatynyň Digha derýasynyň gözbaşyndan Telia Bhola görnüşine degişli iki sany seýrek duşýan balyk awladylar. Agramy 50 kilogram bolan balyklary satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylaryň we dellallaryň arasynda söwdalaşyk gyzyşdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.

Adatça, şeýle söwda auksionynda bu balyklaryň bir kilogramynyň bahasy 85 dollara deňdir. Netijede, iki balygy satyp, balykçylar 3800 amerikan dollaryny gazandy. Balyklaryň bahasy-da söwdalaşyk wagty gitdigiçe gymmatlady. Bilermenler bu balyklaryň bahalaryň ýokarylygyny Telia Bhola görnüşiniň ýüzüş köpürjigi bilen baglaýarlar, ol bolsa balyk ýeliminiň önümçiliginde giňden ulanylýar. Bu gymmatly önüme halkara bazarda islegiň ýokarydygy balygyň bahasyna gönüden-göni täsir edýär.