Turkmenportal logo
Düýn 14:32
1004410044
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
17 döwletiň 400-den gowrak raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan gyssagly çykarylar

Türkmenistanyň çäkleri arkaly Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň 17 döwletinden 400-den gowrak adamy gyssagly çykarmak meýilleşdirilýär diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Üstaşyr geçýän ýolagçylaryň iň köp bölegini Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary tutýar — 211 adam. Soňky üç gije-gündiziň dowamynda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Saud Arabystanynyň, Şwesiýanyň we birnäçe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 150-ä golaý raýaty serhetden geçdi.

Türkmen tarapy gelýänleri doly derejede ugratmagy üpjün edýär. Aşgabatda myhmanhanalara ýerleşdirmek, iýmit we barjak ýerlerine çenli ulag hyzmatlary guraldy.

Şeýle hem belläp geçsek, Türkmenistan Eýranda galan daşary ýurt raýatlaryny ýurtdan çykmak üçin bäş sany ynsanperwer geçelgesini açdy. Bu geçelgeler «Artyk – Lutfabat», «Gowdan – Bajgiran», «Akýaýla – Inçeburun», «Altyn Asyr – Inçeburun» we «Sarahs» barlag-geçiriş nokatlarynda hereket edýär.