Eýrandan gyssagly çykarylan Hytaýyň ilkinji 25 raýaty sişenbe güni agşam Türkmenistana gelip, çarşenbe güni ýerli wagt bilen irden Watanyna uçdy. Bu barada Hytaýyň «Sinhua» agentligi habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, gyssagly Eýrandan çykarylan raýatlar agşamara Aşgabadyň halkara howa menziline gelipdirler. Ol ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynyň iş toparynyň işgärleri olaryň uçuşa hasaba alynmagy üçin zerur bolan kömegi beripdirler.
Şeýle hem belläp geçsek, Türkmenistan Eýranda galan daşary ýurt raýatlaryny ýurtdan çykmak üçin bäş sany ynsanperwer geçelgesini açdy. Bu geçelgeler «Artyk – Lutfabat», «Gowdan – Bajgiran», «Akýaýla – Inçeburun», «Altyn Asyr – Inçeburun» we «Sarahs» barlag-geçiriş nokatlarynda hereket edýär.