Boliwiýanyň Harby-howa güýçleriniň uçarynyň El-Alto şäherinde awtoulaglar bilen çaknyşmagy netijesinde 24 adam pida boldy. Bu barada ýerli polisiýanyň ýolbaşçysy Eriborto Walensiça habar berdi diýip, «Howar.tj» ýazýar.
Boliwiýanyň saglygy goraýyş ministri Marsela Flores ejir çekenleriň ikisiniň agyr ýagdaýdadygyny, heläkçilikde 37 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.