Turkmenportal logo
Şu gün 11:07
35293529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýabany tebigatyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi 

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda Ýabany tebigatyň halkara gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen bu baýramçylyk her ýyl dünýä bileleşiginiň biodürliligi gorap saklamak boýunça tagallalaryny birleşdirýär. 

Habarda bellenilişi ýaly, Ýabany tebigatyň halkara gününi mynasybetli «Dermanlyk we hoşboý ysly ösümlikler: saglygy we mirasy gorap saklamak» diýen şygar saýlanyp alyndy.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler biodürliligi gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek ugrunda amala aşyran işleriniň netijeleri barada belläp geçdiler. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar ýakyn ýyllar üçin ileri tutulýan maksatlary we halkara konwensiýalaryň çäklerindäki borçnamalary ara alyp maslahatlaşdylar, tejribe alyşdylar. Mundan başga-da, ylmy işgäriň bitirýän işleriniň, amala aşyrýan ylmy-barlaglarynyň ekoulgamlary gorap saklamagyň binýadyny düzýändigi bellenilip geçildi. 

Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan Uly landşaftlary goramak merkezi (CLLC) bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy bölümleriniň işgärleri Hormat hatlarydyr sowgatlar bilen sylaglanyldy.