Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň dosenti Hidaka Sinsuke Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary üçin «Ýapon diliniň düşüm ulgamyny okatmagyň usulyýeti» diýen temada onlaýn okuw maslahatyny geçirdi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, TMDDI-niň ýapon dili mugallymlarynyň we bu dili öwrenýän talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda ýaponiýaly alym ýapon dilini okatmagyň we onuň düşüm ulgamynyň ulanylyş aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usuly işläp düzmeleri hödürledi.
TMDDI-de zähmet çekýän ýaponiýaly mugallym-lingwist Iwai Ýufunyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň ýapon dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmasy çalt depginler bilen ösýär. Bu bolsa türkmen-ýapon ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahaty Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk we akademiki alyş-çalyş hakyndaky Ylalaşygyň çäginde geçirildi.