Turkmenportal logo
03.03.26
1776917769
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada haýwanat bagyna barýanlar makaka Panti bilen bagly iki esse köpeldi

Ýaponiýanyň Itikawa şäherindäki haýwanat bagyna barýanlar ejesi tarapyndan taşlanan makaka çagasy Panti barada internetde habar berlenden soňra iki esse artdy. Panti sosial torlaryň üsti bilen tutuş dünýä meşhur boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.

Ýagny sürüsi tarapyndan kabul edilmänsoň, orangutanyň keşbindäki ýumşak oýunjagy hossar tutunan Pantiniň taryhy haýwanat bagynyň sosial tordaky sahypasynda millionlarça tomaşaçy toplady. Indi onuň her günki durmuşy bilen bu internet sahypasynda tanşyp bolýar: wideolarda ony sürüsi kowýar, ol «ejesine» – ýumşak oýunjak orangutanyň ýanyna arz etmäge ylgaýar, täze dosty bolan garry maýmyn hem gelip, ony gujaklap köşeşdirýär.

«Müşderileriň sany köpeldi. Dynç alyş ýa-da baýramçylyk günleri, ýagny şenbede, ýekşenbede adaty günlerdäkiden iki esse artdy» diýip, haýwanat bagynyň işgäri gürrüň berdi.