Turkmenportal logo
Şu gün 16:33
74167416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň işini emeli aň beýan eder

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň işini emeli aň — telealypbaryjylar «Myrza» we «Aýym» halka ýetirer. Bu barada Parlamentiň metbugat gullugyna salgylanýan «Kabar.kg» habar berdi.

Ýagny emeli aň — telealypbaryjylar «Myrza» we «Aýym» beýan edilýän wakalar boýunça wideogörnüşleridir habarlary taýýarlar hem-de jemgyýeti deputatlaryň işi bilen tanyşdyrar.

«Parlamentiň başlygy Marlen Mamataliýew parlamentiň ini sanlylaşdyrmak we häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň peýdalanmak boýunça wezipe goýdy. «Myrza» we «Aýym» bu ugurda durmuşa geçirilen taslamalaryň biridir» diýlip, habarda aýdylýar.