Turkmenportal logo
Düýn 16:05
99129912
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ser­gi­ler ja­ýyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp sergi açyldy 
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ser­gi­ler ja­ýyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, «Sun­gat äle­mi­niň ba­ha­ry» at­ly ze­nan mu­gal­lym­la­ryň we ta­lyp gyz­la­ryň ser­gi­si açyl­dy. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da ýur­du­ň bel­li sun­ga­ty öw­re­ni­ji­le­ri we su­rat­keş­le­ri çy­kyş edip, ze­nan su­rat­keş­le­riň dö­re­den eser­le­ri­niň çe­per­çi­lik taý­dan gym­ma­ty, öz­bo­luş­ly­ly­gy hak­da bel­läp geç­di­ler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýýoka­ry okuw mek­de­bi­niň ha­ly­pa mu­gal­lym­la­ry Dur­sun­sol­maz Mu­ham­me­do­wa, An­na­bi­bi Is­la­mo­wa, ýaş mu­gal­lym­lar Ro­za Aga­ha­no­wa, Mäh­ri­je­mal Gul­la­ýe­wa, Ha­ty­ja Aman­sä­he­do­wa, Ogul­dön­di Baý­ram­gel­di­ýe­wa, Ba­har Pir­gu­ly­ýe­wa, Sa­dap Kur­ba­no­wa, Ak­so­na Sa­par­me­do­wa da­gy sun­ga­tyň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça eser­le­ri dö­re­dip, ola­ryň her bi­ri öz­bo­luş­ly çe­per­çi­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny tap­dy­lar.

Halypa we ýaş ze­nan su­rat­keş­le­ri­ň ser­gi­dä­ki eser­le­ri gö­zel­li­ge, bag­ty­ýar­ly­ga, türk­men top­ra­gy­na, mil­li mi­ra­sa, ze­nan dün­ýä­si­ne göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.