Turkmenportal logo
Düýn 15:02
1086810868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady – oýnuň tertibi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryş şu gün Aşgabatda «Köpetdag» – «Nebitçi» toparlarynyň duşuşygy bilen başlady. Ýaryşda ýeňiş ugrunda sekiz topar bäsleşýär, final duşuşygy 12-nji martda meýilleşdirilýär — diýip, federasiýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Ähli duşuşyklar köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilýär. «A» toparçasynda «Köpetdag», «Ahal», «Şagadam» we «Nebitçi» özara duşuşyk geçirerler. «B» toparçasynda bolsa «Arkadag», «Aşgabat», «Merw» hem-de Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy çykyş eder.

Toparçalardaky oýunlaryň tertibi:

«A» toparçasy

3-nji martda: «Köpetdag» – «Nebitçi» (14:00), «Ahal» – «Şagadam» (17:00)

5-nji martda: «Nebitçi» – «Şagadam» (14:00), «Köpetdag» – «Ahal» (17:00)

7-nji martda: «Ahal» – «Nebitçi» (14:00), «Şagadam» – «Köpetdag» (17:00)

«B» toparçasy

4-nji martda: «Arkadag» – «Aşgabat» (14:30), U-20 – «Merw» (17:30)

6-njy martda: «Merw» – «Aşgabat» (14:00), U-20 – «Arkadag» (17:00)

8-nji martda: «Arkadag» – «Merw» (14:00), «Aşgabat» – U-20 (17:00)