Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti (Hytaý) Merkezi Aziýanyň bäş ýurdyndan, şol sanda Türkmenistandan gelen dalaşgärler üçin talyp hakly okatmak barada okuw maksatnamasyny yglan etdi.
Uniwersitetiň wekilleriniň berýän maglumatlaryna görä, bu talyp haky üçin bäsleşik Hytaýyň beýleki uniwersitetleriniň meňzeş okuw maksatnamalary bilen deňeşdirilende pesdir, şol sebäpden hem sebitden gelen dalaşgärleriň kabul edilmek mümkinçiliklerini ep-esli artdyrýar.
Giriş şertleri bilim almaklygyň derejesine görä üýtgeýär. Bakalawr derejesindäki dalaşgärler CSCA synagyny geçmeli bolarlar. Magistraturada okamak niýeti bilen okuwa girýänleriň kesgitlenen talaplara laýyk gelen halatynda, kabul edilmek mümkinçiliginiň ýokarydygy bellenilýär.
Şeýle-de Hytaýda ýokary bilim almak ýa-da magistraturada okamak isleýän türkmen dalaşgärlerine uniwersitetiň kabul ediş toparyndan zerur bolan resminamalaryň sanawy barada we arzany tabşyrmagyň möhletleri hakda öz wagtynda maglumat almagy maslahat berýärler.