Braziliýada 23-nji fewralda başlanan güýçli ýagyşlaryň netijesinde dörän sil joşmalaryň pidalarynyň sany 68 adama ýetdi. Bu barada «Anadolu» habarlar agentligi habar berdi.
Minas-Žeraýs ştatynyň ýangyn gullugy ýurduň Žuis-di-Fora we Uba şäherlerinde sil joşgunlarynda pida bolanlaryň jesetleriniň tapylandygyny mälim etdi. 5 sany dereksiz ýiten ýaşaýjy gözlenilýär.
Milli tebigy betbagtçylyklary hasaba alyş we duýduryş merkezi (Cemaden) ýagyşlaryň dowam etjekdigi we täze sil joşgunlarynyň hem-de duýdansyz süýşgünleriň töwekgelçiligi barada duýdurdy.
Ştatyň häkimiýetleri hem-de Federal Hökümet ejir çeken etraplara raýat goragy güýçlerini, howpsuzlyk gullugynyň işgärlerini we lukmanlary ýollady. Prezident Luis Inasiu da Silwanyň edarasy etrapda öýsüz galanlar üçin kömek bölünip berlendigini habar berdi.