Turkmenportal logo
Düýn 19:11
1036210362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan çykaryldy

Russiýanyň sekiz raýaty Eýran-Türkmenistan serhedindäki Sarahs serhet geçelgesinden  Eýrandan çykyp, S7 Airlines uçary bilen Moskwa uçuryldy. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň müdiri Igor Samoşkine salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

«Düýn Russiýanyň sekiz raýaty Sarahs gözegçilik nokadyndan serhetden geçdi. Türkmenistan tarapy olary Aşgabada getirip, myhmanhana ýerleşdirdi. Elbetde, biz olary garşyladyk we myhmanhana ýerleşdirmekde kömek etdik. Şu gün olar S7 Airlines uçary bilen Moskwa uçdular» — diýip, ol aýtdy.

Samoşkin Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen çykmagyň tertibini düşündirdi. Onuň sözlerine görä, Russiýanyň raýatlary ilki bilen Russiýanyň Tährandaky ilçihanasy bilen habarlaşmaly, ol bolsa öz gezeginde türkmen tarapyna habar berer. «Diňe türkmen tarapy wiza bermek barada haýyşy alanda ýa-da rus raýatlary giriş wizasyny almak üçin serhede gelende, bize habar berilýär. Häzirlikçe başga üýtgeşik zat ýok» - diýip, diplomat bu babatda düşündiriş berdi.

Mundan öň, 2-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Eýrandan Türkmenistana göni uçar gatnawy arkaly uçup bilmeýän rus raýatlary üçin tertibiň işlenip düzülendigini yglan etdi. Çykyş diňe Aşgabatdan takmynan 400 km uzaklykda ýerleşýän Sarahs serhet geçelgesinden mümkindir. Geçmeklige rugsat almak üçin rus raýatlary Russiýanyň Eýrandaky ilçihanasyna resminamalar toplumyny tabşyrmalydyrlar.