Turkmenportal logo
02.03.26
1857418574
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«YouTube» telewizor bilen gürleşip bolýan täze hyzmaty synag edýär

«YouTube» wideohostingi telewizorda roliklere tomaşa edilýärkä, emeli aň bilen gürleşip bolýan täze usuly synaga başlady. Öň şeýle usul diňe mobil priloženiýelerde hem-de web-nusgalarda mümkindi diýip, «rbc.ru» ýazýar.

 Emeli aňa sowal bilen smart-telewizorlaryň, oýun konsollarynyň we striming enjamlaryň eýeleri ýüz tutup bilerler. Sesli kömekçiden, mysal üçin, roliklerdäki taýýarlanýan tagamlara haýsy önümleriň goşulýandygyny, görkezilýän tekstiň ýa-da ýerine ýetirilýän aýdymyň taryhyny sorap bolar. Jogaplar dessine peýda bolýar, wideo bolsa duruzylmaýar.

 Kömekçini ekrandaky «Soramak» diýen ýazgy arkaly çagyryp bolýar. Telewizoryň dolandyryş pultunda mikrofon bolan eýeleri ol arkaly emeli aňa ýüz tutup bilerler. Ol häzirlikçe iňlis, hindi, ispan, portugal we koreý dillerine düşünýär.

Täze hyzmat heniz synagdan geçirilýär, ol 18 ýaşdan ulularyň az sanlysy üçin elýeterlidir.