Turkmenportal logo
Düýn 17:15
82888288
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Infantino meýdançada agzyny ýapyp gürleýän futbolçylary oýundan çykarylmagy teklip etdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino futbolçylaryň meýdançada gepleşýän wagty agzyny eli ýa-da eşigi bilen ýapyp gürlemegi bilen baglylykda has berk düzgün-nyzam çärelerini girizmek teklibini öňe sürdi. Bu barada ol Sky News teleýaýlymyna beren interwýusynda, Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Winisius Žunior bilen baglanyşykly dawanyň çäklerinde aýtdy.

«Eger futbolçy agzyny eli bilen ýapyp, milletparazlyk mazmunly söz aýdýan bolsa, ol meýdançadan çykarylmalydyr. Biz onuň aýdýan sözüniň aýdylmaly däldigini kabul etmelidiris, sebäbi ol beýle sözleri aýdýan bolsa, agzyny ýapmaga zerurlyk bolmazdy» — diýip, Infantino nygtady.

Bu mesele 17-nji fewralda «Real» bilen Portugaliýanyň «Benfika» toparynyň arasynda geçirilen Çempionlar ligasynyň pleý-off duşuşygynda ýüze çykdy. Oýunda Winisius garşydaş ýarym goragçy Janluka Prestiannini milletparazlyk kemsitmelerde aýyplady. Prestianni gürlän wagty agzyny futbolkasy bilen ýapdy. Duşuşyk 10 minut töweregi togtadyldy. Soňra UEFA-nyň düzgün-nyzam komiteti Prestiannini jogap duşuşygyndan çetleşdirdi we onuň hereketinde jynsy kemsidilme bilen baglanyşykly düzgüniň bozulandygyny kesgitledi.

Maglumatlara görä, futbol düzgünlerini üýtgetmek boýunça jogapkär gurama — Halkara futbol birleşikleriniň geňeşi (IFAB) degişli üýtgeşmeleri gözden geçirip, 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda tassyklap biler.

Mundan başga-da, FIFA-nyň prezidenti futbolçylaryň açyk ýagdaýda günälerini boýun alýan we öz hereketleri üçin ötünç soraýan halatlarynda jezalandyryş çärelerini ýeňilleşdirmek ulgamyny girizmegi teklip etdi. Häzirki wagtda oýunda jynsy kemsidilmek babatdaky sözler üçin iň az jeza 10 oýundan çetleşdirilmekdir.