Belli 3D interýer dizaýneri wezipesine boş iş ornuny açdy we azyndan iki ýyllyk iş tejribesi bolan hünärmenlerden portfolio kabul edýär. Dalaşgärleriň 3D modelleri we fotorealistik renderleri döretmek bilen meşgullanmaly bolarlar, şeýle hem olar taslama tanyşdyryşlaryny taýýarlamaga gatnaşarlar.
Geljekki işgäriň jogapkärçiliklerine yşyklandyryş, teksturalar we materiallar bilen işlemek, şeýle hem kompaniýanyň binagärleri we dizaýnerleri bilen ýakyndan işleşmek girýär. Wizualizasiýa hiline we giňişligiň gurşawyny yşyk, reňk we kompozisiýa arkaly bermek ukyp-başarnygyna aýratyn üns berler.
Esasy talaplara 3ds Max we Photoshop programmalaryny gowy bilmek, güýçli kompýuterlerde köp serişde talap edýän taslamalar bilen işlemek tejribesi we portfolio girýär. Kompaniýa jikme-jikliklere üns berýän, jogapkärçiligi duýýan we tabşyrylan işi möhlete laýyk berjaý edip biljek dalaşgäri gözleýändigini nygtaýar.
Portfoliolar hr@belli.tm elektron poçtasy arkaly kabul edilýär.
Has giňişleýin maglumatlary almak üçin +993 63 49 16 82 telefon belgisine jaň ediň.