Russiýada ýolagçylaryň hukuklaryny giňeldýän täze federal howa gatnawlarynyň kadalary güýje girdi. Täze düzgünler, şol sanda Russiýanyň awiakompaniýalarynyň uçuşlaryny ulanýan türkmen raýatlaryna hem degişli bolar — diýip, ATOR habar berýär.
Esasy üýtgeşiklikleriň biri — elektron biletleriň resmi taýdan kagyz bilet bilen deňeşdirilmegi boldy. Indi awiakompaniýalar sargyt wagtynda nyrh şertlerini has açyk hem aýdyň görkezmäge borçly bolarlar: şunda üýtgeşiklikler we yzyna gaýtarmalar üçin tölegiň möçberi, şeýle hem uçuş böleginiň geçirlip bilinmedik ýagdaýynda hereket etmegiň tertibi görkeziler.
Biletleri mejbury yzyna gaýtarmak üçin esaslaryň sanawy takyklaşdyryldy. Oňa uçuşyň ýatyrylmagy, 30 minutdan köp gijikdirilmegi, biletde görkezilen wagtyndan ir uçuşyň amala aşyrylmagy we awiakompaniýanyň resminama taýýarlamakdaky ýalňyşlygy girýär.
Täze kadalar gijikdirilen ýagdaýynda ýolagçylara kömek bermegiň takyk möhletlerini kesgitleýär. Ýolagçylara 2 sagat garaşanlarynda 1 sagadyň dowamynda suw berilmeli, 5–6 sagat garaşanlarynda gyzgyn nahar, gündiz 9–10 sagatda ýa-da gije 7–8 sagatda myhmanhana ýerleşdirilmegi üpjün edilmelidir.
Çagaly maşgalalar üçin hem ýeňillikler girizildi. Awiakompaniýa 12 ýaşa çenli çagalar üçin ulular bilen bilelikde uçanda, mugt goňşy orunlary bermäge borçludyr. Russiýanyň raýatlary bolan 2–12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin içerki uçuşlarda nyrhdan 50% arzanladyş girizildi. Bu ýeňillik biznes-synp we döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ugurlara degişli däldir.
Ilkinji uçuşa gijä galan ýagdaýynda soňraky bölekleriň saklanyp galmagy mümkinçiligi hem aýratynlykda düzgünleşdirildi. Ýolagçy uçuşdan gijä galan ýagdaýynda 2 sagadyň dowamynda awiakompaniýa habar bermeli, soňraky uçuş bolsa azyndan bir günden soň bolmaly.
Täze kadalar Russiýanyň awiakompaniýalarynyň uçuşlaryny ulanýan ýolagçylara degişlidir. Russiýanyň S7 Airlines kompaniýasy eýýäm Moskwa – Aşgabat ugry boýunça göni uçuşlary amala aşyrýar, 2026-njy ýylyň 31-nji martyndan bolsa, täze ugur — Nowosibirsk – Aşgabat aralygy açylýar.