Turkmenportal logo
02.03.26
1409914099
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Öý hojalykçy zenanyň kir ýuwulýan enjamda unudan pişigini halas etmek başartdy

Russiýanyň Perm ülkesiniň Usolsk etrabynyň weterinar lukmanlaryna ep-esli wagt işleýän kir ýuwujy enjamda galan pişigi halas etmek başartdy. Onuň janyna howp ýok diýip, Irkutsk oblastynyň Weterinarlar assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Öý hojalykçy zenan agyr ýagdaýdaky pişigi bilen haýwanlaryň klinikasyna ýüz tutdy. Zenanyň sözlerine görä, enjamy işe girizende, ol ýerde pişiginiň ýatandygyndan bihabar eken. Emma pişigiňki şowuna düşüpdir, sebäbi eýesi diňe tutynyň ýüzüni täzelemekçi bolup, enjamy o diýen gyzgyn bolmadyk suw derejesinde işledipdir, sykmak düzgüninden peýdalanmandyr.

Hernä, pişik şikes ýa-da ýanyk almansyr, emma ýagdaýy gaty agyr ekeni. Her niçigem bolsa, ony ähli zerur barlaglardan geçiripdirler, bedeninden kir ýuwujy serişdäni aýyrmak üçin antidotlary peýdalanypdyrlar. Birnäçe gün pişik lukmanlaryň gözegçiliginde saklanyp, eýesine berlipdir. Eýesiniň sözlerine görä, pişik häzir özüni oňat duýýar.