Turkmenportal logo
02.03.26
1349813498
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zenanlaryň 56-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gelin-gyzlary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 8 ugur boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Güljemal Soltanowa «Ýylyň işewür zenany», Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy Güljan Amanmyradowa «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp boldular.

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň «Tiz kömek» merkeziniň şepagat uýasy Şirin Tejenowa «Ýylyň çeper elli zenany», Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň tans-gurnak ýolbaşçysy Jennet Akmyradowa bolsa «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýlip yglan edildi.

Şeýle-de Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Merw» ýyladyşhanasynyň müdiri Mähri Jojykowa «Ýylyň telekeçi zenany», Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa «Ýylyň halypa zenany» hökmünde öňe saýlandylar.

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň wekili Ogulsuraý Huseýinkulyýewa «Ýylyň watançy zenany» diýlip yglan edilse, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tawus Hudaýberdiýewa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» adyna eýe boldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň adyndan Hormat haty hem-de sowgatlar gowşuryldy.