Hytaýyň Çženszýan ülkesinde ýerleşýän Iu atly halk hojalyk harytlarynyň lomaý söwda bazary bütin dünýäde meşhurdyr. Emma ol ýurtda golaýda giňden bellenen Bahar baýramy sebäpli ýapylypdy.
Bazar baýramçylyk tamamlanandan soňra işini gaýtadan dikeltdi, ol dünýäniň ähli ýerinden müşderiler üçin ýene-de işläp başlady.
Bu barada ýurduň «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi.