Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamowyň ýurduň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlament dialogyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bellenildi, şeýle hem özara bähbitli infrastruktura we energetika taslamalaryny ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň sebit durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.