27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini nygtadylar.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn dialogy goldamakda, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegi üpjün etmekde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde başlangyçlary özara goldamakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Hususan-da, taraplar ulag-logistika arabaglanyşyklaryny berkitmek, multimodal ulag geçelgelerini giňeltmek hem-de serhetara amallary ýeňilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň özara gatnaşyklarynda medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Diplomatlar bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň, döredijilik alşygynyň we bilim başlangyçlarynyň halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekdäki ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ähli esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar hem-de ýurtlaryň arasynda konstruktiw we yzygiderli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.