Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Mobillik we ulag boýunça Baş müdirliginiň Baş direktorynyň orunbasary Maýa Bakran Marçiç bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde ulag ulgamyndaky arabaglanyşyk, Hazarüsti ugruny ösdürmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele guraljak saparyna amaly netijeleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Ilçi ulag geçelgelerini ösdürmegiň we logistika düzümini berkitmegiň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryndaky esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Taraplar Aşgabat — Türkmenabat awtomagistralynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny, ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Hazar ugrundaky möhüm merkez hökmündäki strategik ornuny bellediler.
Söhbetdeşler Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky geljegi uly ugur hökmünde ähmiýetiniň barha artýandygyny tassykladylar. Ýewropa tarapy ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde işjeň ösdürilýändigini, bu babatda Türkmenbaşy portuna «Orta geçelgäniň» möhüm bölegi hökmünde garalýandygyny mälim etdi.
Duşuşygyň dowamynda ulag ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň institusional esasyny — özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň, «Ýol kartasynyň» hem-de beýleki bilelikdäki resminamanyň görnüşinde döretmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Amallary sanlylaşdyrmaga, amaly taýdan utgaşyklylygy ýokarlandyrmaga we dolandyryş işlerini ýönekeýleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle-de taraplar halkara maliýe guramalary, şol sanda Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen özara hereket etmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Mundan başga-da, duşuşykda durnukly syýahatçylyk meselelerine deglip geçildi. S.Pälwanow Türkmenistanda syýahatçylyga bolan gyzyklanmanyň artýandygyny we ýurduň elektron wiza ulgamyna geçmek baradaky işleriniň dowam edýändigini belledi.