Turkmenportal logo
Şu gün 11:40
42064206
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk toplumynyň işleri we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi — diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.