Turkmenportal logo
28.02.26
1277312773
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tejen pagta egirme fabriginde 6 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Süleýman Demirel adyndaky Tejen pagta egirme fabriginiň işçi-hünärmenleri aýba-aý önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmakda tutanýerlilik görkezýärler.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň ilkinji aýynda fabrikde 6 million 103 müň 600 manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 122,4 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Fabrikde pagtanyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan dürli belgili ýüplükler ýokary hilli nah matalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan ýüplükler uly islege eýedir.