Hytaýly zenan dört gyz, bir oglan bäbek dünýä inderdi. Hünärmenler tebigy dogum wagtynda birbada bäş çaganyň dünýä inmeginiň 60 milliondan 1 gezek şowly bolýandygyny aýtdylar diýip, «Szinan žibao» ýazýar.
Bäbekler 26-njy fewralda Uhan şäherinde dünýä indi. Ilki oglan bäbek dünýä indi, onuň agramy 990 gram, soňra gyzjagazlar, agramlary degişlilikde, 1 020 g, 970 g, 1 030 g we 870 gram.
Bäbekleriň ýagdaýy kadaly. Olar Apgar bahalandyrmasy boýunça 6 bal aldylar (bahalandyrma 0-dan 10 bala çenli bolup bilýär). Bäşemler lukmanlaryň gözegçiliginde neonatal bölümde saklanýar. Olaryň 24 ýaşly ejesi adaty palatada saglygyny dikeldýär diýlip, habarda bellenýär.