Turkmenportal logo
Şu gün 09:11
79147914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Halkara zenanlar günini dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görülýär

27-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B. Seýidowa Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaralary guramak boýunça alnyp barylýan taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, öňümizdäki baýramçylyk mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde birnäçe çäreler geçiriler.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ene hüwdüsi – iň kämil eser» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat we sergi geçiriler. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir» atly maslahat we sergi guralar. Çepeçilik sungaty muzeýinde bolsa «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly sergi açylar.

Mundan başga-da, Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp yglan edilen bäsleşigiň netijeleri jemlener.

Şeýle hem teatrlarda sahna oýunlarynyň hem-de türkmen filmleriniň görkezilişi we konsertleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Wise-premýer bu mesele boýunça degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.