Beýik Britaniýanyň «Ýaşyllar» partiýasy Mançesteriň Gorton we Denton okruglarynda Obşinalar palatasyna goşmaça saýlawlarda taryhy ýeňiş gazandy, bu olaryň Demirgazyk Angliýadaky ilkinji mandaty boldy diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.
Ýagny partiýadan dalaşgär, santehnik Hanna Spenser sesleriň 40,7 göterimini alyp, «Reform UK» partiýasynyň wekili Mett Gudwinden (28,7%) we leýboristleriň dalaşgäri Anželika Stafiýadan (25,4%) saýlandy. 26 göterimlik aratapawut syýasatçylaryň köpüsi üçin garaşylmadyk boldy.
Öz çykyşynda Hanna Spenser: «Adamlar özgerişliklere taýýar. Biz özümizi alga almadyk partiýalary we milliarderler tarapyndan maliýeleşdirilýän partiýalary ret edýäris. Bu gün adamlar adaty dalaşgäri saýladylar» diýdi. Indi «Ýaşyllaryň» parlamentde bäş deputaty, «Reform UK» partiýasynyň sekiz deputaty bar.
Bu şowsuzlyk Premýer-ministr Kir Starmer üçin çynlakaý urgy boldy diýlip, habarda bellenýär. Sebäbi onuň wekilçilik edýän Leýboristler partiýasy bu okrugda 19 aý mundan öň 37 göterim tapawut bilen ýeňiş gazanypdylar. Indi 90 ýyldan soňra olar Gorton okrugynyň bir bölegine lwekilçilik etmez.
Leýboristleriň başlygy Anna Terli ses berlişigiň jemleriniň göwnüçökgünlige duçar edendigini nygtap, partiýanyň durmuş nyrhynyň kynçylyklaryna garşy göreşi dowam etjekdigini we döwlet hyzmatlaryna maýa goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.