Turkmenportal logo
Düýn 23:17
86918691
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi, şeýle hem «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara forum geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň 70-e golaýy hasaba alyndy we gatnaşyjylary hasaba almak dowam edýär. Türkmen tarapyndan bu foruma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, şeýle hem «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.