Turkmenportal logo
Düýn 22:21
84728472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hem-de ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda  Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan-da köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem şunuň bilen bagly geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.