Turkmenportal logo
27.02.26
1467514675
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DM: Omanda botoks üçin inen düýeler gözellik bäsleşiginden çykaryldy

Omanda ýigrimi inen düýe kosmetiki bejergä sezewar edilendigi bilen baglylykda, gözellik bäsleşiginden çykaryldy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Gazetiň ýazmagyna görä, düýeleriň arasyndaky gözellik bäsleşikleri Pars aýlagy ýurtlarynda yzygiderli geçirilýär. Olar beduinleriň mirasyna bagyşlanyp, köpsanly düýeleriň arasynda millionlarça dollar baýragy bolan ýaryşlary özünde jemleýär.

Emma bu gezek Omanyň paýtagty Maskatda ýylyň başynda geçen ýaryşlarda eýeleriniň köpüsi inen düýeleriniň dodaklaryny ulaltmak üçin botoks sanjymlaryny, tumşugy ýumşatmak üçin miorelaksantlary we örküçleri ulaltmak üçin silikon mumly sanjymlary ulanypdyrlar. Netijede, eminler topary 20 sany inen düýäni gözellik bäsleşiginden çykarmak kararyna gelipdir.

Şeýle ýagdaý ilkinji gezek bolanok, 2021-nji ýylda-da Saud Arabystanynda botoks ulanylan düýeleriň 40 sanysy gözellik bäsleşiginden çykarylypdyr. Şonda düýedarçylyk kärhanalaryň eýeleriniň inen düýelere myşsalaryň ösmegi üçin gormon sanjym edendikleri anyklanypdyr.