Turkmenportal logo
27.02.26
99059905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýanyň ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler.

Duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.