Turkmenportal logo
Şu gün 11:50
38783878
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekilleri Almatyda geçirilen Halkara Pul Gaznasynyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri 25-26-njy fewral aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan sebitleýin maslahaty gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

«Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» ady bilen geçirilen sebitleýin maslahatyň işi 8 bölümde dowam edip, olarda HPG-niň orny we wezipleri, Pul-karz syýasaty we hümmetsizlenmäni dolandyrmak, Fiskal syýasaty - näbellilik şertlerinde ätiýaçlyklary döretmek, Diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde zähmet bazarynyň ösüşi ýaly we başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapyndan sebitleýin maslahata Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanow we Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň müdiri Ruslan Jumaýew gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň wekilleri ýurtda amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylýandygyny, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işleýändigini, salgyt-býujet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny, alnyp barylýan ykdysady syýasatynyň ylmy taýdan barlaglara esaslanýandygyny aýratyn bellediler.