Turkmenportal logo
Şu gün 11:14
57265726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça dört resminama gol çekdiler

Londonda Türkmenistanyň bilim edaralary bilen Britaniýanyň degişli düzümleriniň arasynda özara düşünişmek boýunça dört ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminamalar birnäçe ugry öz içine alýar: ukyp-başarnyklaryň sertifikatlaşdyrylmagy, bilimde baha bermek, okatmak usulyýetleri we hünärmenleri taýýarlamak.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Pearson kompaniýasynyň arasynda endikleriň sertifikasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama,  şeýle hem AQA Global Assessment Services kompaniýasy bilen arasynda bilim ulgamynda bahalandyrma boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Norwich Institute for Language Education (NILE) (Norwiç dil bilimi institutynyň) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bolsa akademik alyş-çalyşlar we bilelikdäki bilim maksatnamalary boýunça Nottingham Trent Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy, bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly maksatnamalar durmuşa geçiriler. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nottingham Trent University (Nottingem Trent uniwersitetiniň) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, onuň çäklerinde akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem-de taýýarlygyň amaly ugra gönükdirilen düzüm bölegini güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.

Gol çekişlikden soň Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew britan tarapynyň ähli dört guramasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Netijede, bilelikdäki iş toparlaryny döretmek we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça anyk ýol kartalaryny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.