Turkmenportal logo
Şu gün 09:49
37933793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýa ýurtlary we Beýik Britaniýa ilkinji ministrler duşuşygyny geçirdi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri «Merkezi Aziýa — Beýik Britaniýa» formatynda birinji mejlisi geçirdiler, onuň dowamynda syýasy gepleşikleri, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow öz çykyşynda britan tarapyna duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Birleşen Patyşalyk bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler: energetika we dekarbonizasiýa, şol sanda nebitgaz pudagyny dörebaplaşdyrmak we dikeldilýän energetikany ösdürmek; Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmündäki tejribesini ulanmak bilen maliýe we söwda tehnologiýalary; hünär hyzmatlary – hukuk, konsalting we auditorçylyk pudaklary; ulag-logistika ugry we sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini pugtalandyrmak.

R.Meredow Türkmenistanyň täze formatyň çäginde-de, ikitaraplaýyn esasda-da işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň sebit meselelerine hem seretdiler.