Aşgabatda «Sarwan» atly agyz suwuny resmi taýdan eltip bermek hyzmaty işe girizildi. Kompaniýa şäheriň ýaşaýjylaryna we edaralara 19 litrlik gaplarda arassa çeşme suwuny ortaça 15–20 minutda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.
Suw artezian çeşme guýusyndan alynýar we tebigy görnüşde gatlaklaryň üsti bilen süzülip, öz mineral düzümini saklaýar. Kompaniýa önümçilik we söwda üçin zerur bolan ähli şahadatnamalara we ygtyýarnamalara eýe bolup, suwuň hiline barlaghana şertlerinde ýörite gözegçilik ýola goýuldy.
Gaplar berk polikarbonatdan ýasalyp, köp gezek ulanylmaga niýetlenendir. Her gezek täzeden ulanylmazdan öň suw üçin niýetlenen gaplar arassaçylyk taýdan işlenilýär hem-de pugta barlagdan geçirilýär.
Hyzmat hususy müşderiler, ofisler we işewürlik merkezleri üçin elýeterlidir. Eltip bermek hyzmatyny amatly wagtda «call-center» arkaly 10 00 00 we 12 77 77 belgileri bilen ýa-da Instagram sahypasyndan (@sarwan.drinks) sargyt edip bolýar.
Ýakyn wagtda kompaniýa önümleriniň görnüşini giňeltmegi meýilleşdirýär: şunda arassa agyz suwy 0,33 l, 0,5 l, 1,5 l we 5 litrlik gaplarda hem elýeterli bolar.