Turkmenportal logo
Şu gün 17:07
49214921
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmentelekom» hyzmatlary sazlamak boýunça onlaýn görnüşde arza kabul edýär

«Türkmentelekom» kärhanasy müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny sazlamak üçin elektron arza görnüşi arkaly ýüzlenmek mümkinçiligini hödürleýär. Bu hyzmat ýurdumyzyň ähli ýerlerinde fiziki we ýuridiki şahslar üçin elýeterlidir.

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary — Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň raýatlary bu hyzmatdan peýdalanyp bilerler. internet ýa-da kabel telewideniýesine birikdirmek ýaly hyzmatlara arza görnüşinde gerekli hyzmaty saýlamak mümkindir. Arza tabşyrmak üçin familiýa, ady we atasynyň ady, ýaşaýan salgysy, «Türkmentelekom» bilen baglaşylan şertnamanyň belgisi, şeýle hem aragatnaşyk maglumatlary (öý we ykjam telefon belgileri, elektron poçta) görkezilmelidir. Mundan başga-da, müşderi boş meýdanda meseläniň mazmunyny gysgaça beýan edip biler.

Özbaşdak näsazlygy düzetmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, tehniki hünärmeni öýe çagyryp hyzmat almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Nobatçy gullugy bilen habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 92-11-43.

Elektron arza görnüşiniň girizilmegi müşderileriň hyzmatdan peýdalanmagyny ýeňilleşdirmek we garaşylýan wagty azaltmak maksadyny göz öňünde tutýar. Arza arkaly maglumat iberen ulanyjylar şahsy maglumatlarynyň operatoryň tarapyndan işlenmegine awtomatiki ýagdaýda razylyk berýärler.