Turkmenportal logo
26.02.26
1310013100
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan YHG-niň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

25-nji fewralda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda ozal öňe sürülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek boýunça onuň gün tertibindäki meselä seredildi.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň bu ugurdaky tejribesi, hususan-da, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda işe girizilen bilelikdäki söwda zolagynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Netijede, tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagynyň sekretariatyň degişli taslamasynyň taýýarlanylmagy esasynda geçirilmegi teklip edildi.

Agzalan teklip Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan goldanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, guramanyň sekretariaty türkmen tarapynyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli taslamany taýýarlamaga girişer.