Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy talyplar we mugallymlar üçin uly gyzyklanma döretdi we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerine bagyşlandy diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.
Sapagyň dowamynda çykyş eden myhman iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmagyň usullary, şeýle hem ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki döwürdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Hususan-da, döwletleriň arasynda özara ynanyşmak esasynda alnyp barylýan dialogyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň we halkara söwdanyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny bellenildi. Şeýle duşuşyklaryň ýaş hünärmenleriň halkara gatnaşyklary babatdaky bilimlerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Okuw sapagynyň dowamynda halkara gatnaşyklary ulgamynda bilim alýan talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen myhmanlara ýüzlendiler hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we halkara guramalaryň orny barada pikir alyşmalar geçirildi.